Benidorm, Spain
Benidorm is a buzzing resort with a big reputation for beach holidays. Situated in sunny Costa Blanca, the town is one of the original Spanish beach resorts...
Buy This TourIne, şeýle täze ajaýyp binalaryň biri hem Balkan welaýat kitaphanasydyr.Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2012-nji ýylyň 10-njy dekabyrynda kabul eden Karary täze kitaphananyň terjimehalyna badalga beripdi. Balkanabat şäherinde welaýat kitaphanasynyň taslamasyny düzmek we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Gündogdy” hususy kärhanasy bilen umumy bahasy 78 million 375 müň manat bolan şertnamany baglaşmaga welaýat häkimligine ygtyýar berdi. “Gündogdy” hususy kärhanasynyň Balkan dagynyň eteginde guran bu binasy arhitektura taýdan üýtgeşikdir.Taslamada milli hem-de häzirki zaman nusgawy binagärlik aýratynlyklarynyň berk sazlaşygy bar. 1974-nji ýylyň 30-njy maýynda Krasnowodsk oblast medeniýet uprawleniýesiniň degişli buýrugy esasynda welaýat kitaphanasy döredilýär. Kitaphana Krasnowodsk ( häzirki Türkmenbaşy) şäheriniň bu welaýatyň merkezi şäheri bolup hereket eden döwrüniň dowamynda bu şäherde ýerleşýär. 1991-nji ýylyň aprel aýynda Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň 2000-nji ýylyň fewral aýynyň 29-yndaky buýrugy esasynda Türkmenbaşy şäherinde hereket eden Balkan welaýtynyň merkezleşdirilen kitaphanasy ýapylýar hem-de welaýat merkezi bolan Balkanabat şäherine göçürilýär. Şondan bäri bu kitaphana welaýat merkezi Balkanabat şäherinde işläp gelýär.